Fahrettin Altun NATO sammiti barada beýannama berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, NATO sammitinde Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ajaýyp liderlik ukyplaryny görkezendigini mälim etdi

2010884
Fahrettin Altun NATO sammiti barada beýannama berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde geçirilen NATO agza ýurtlaryň Döwlet we Hökümet baştutanlarynyň sammiti bilen bagly sosial media hasabyndan beýannama berdi. 

Fahrettin Altun, beýannamasynda: "Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly sammitiň NATO-nyň eýmendirmesi bilen birlikde Türkiye taýdan örän bähbitli bolan hem terrora garşy göreş, hem ÝB-ne agzalyk tapgyry, hem ýurdumyza garşy girizilen sanksiýalaryň aýrylmagy babatynda täze başlangyçlaryň, tankydy kararlaryň kabul edilmegine itergisi boldy. Prezidentimiziň liderliginde amala aşyrjak göçümlerimizi bilen, ýeten şol sepgitlerimizi nesip bolsa has hem berkideris, ýurdumyzyň bähbitlerini, milletimiziň hak we hukuklaryny ähli platformalarda örän güýçli ýagdaýda goramaga dowam ederis" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar