Türkiyäniň 47 uniwersiteti Dünýäniň iň ýaş uniwersitetleri sanawyna girdi

Türkiye 2023 Bütindünýä Ýaş uniwersitetler sanawynda 47 uniwersiteti bilen iň köp wekil çykaran ýurt boldy

2007521
Türkiyäniň 47 uniwersiteti Dünýäniň iň ýaş uniwersitetleri sanawyna girdi
universite ogrenci.jpg
sabanci univertisesi.jpg

Ýokary Okuw Geňeşinden (ÝÖK) berilen beýanata görä merkezi Beýik Britaniýada ýerleşýän Ýokary okuw jaýlary derejelendiriş guramasy bolan "Times Higher Education" (THE) guramasynyň geçmişi 50 ýyl we ondan az bolan "Iň ýaş uniwersitetleriň" girizilen "2023 Ýaş uniwersitetler" sanawynda Türkiye iň köp uniwersitete eýe bolan ýurt boldy. 

Sanawda bar bolan uniwersitetleriň okuw, ylmy-derňew, maglumat çalşygy we halkara dereje missiýalary taýdan derejelendirilendigi mälim edildi. 

THE 2023 Ýaş uniwersitetler sanawy üçin 78 ýurtdan gerek bolan kriteriýalara eýe bolan 605 uniwersitet gözden geçirildi. 

Türkiyeden sanawa 47 uniwersitet girdi. 

Koç uniwersiteti sanawda 55-nji, Sabanjy uniwersiteti 89-njy bolup, ilkinji 100 uniwersitetiň hataryna girmegiň hötdesinden geldiler. 

20 türk uniwersitet bolsa ilkinji 500-lige girmegi başardy. 


Etiketkalar: #Türkiye , #sanaw , #uniwersitet

Degişli Habarlar