Diýarbakyrda PKK-a agza iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Diýarbakyryň Lije etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1997127
Diýarbakyrda PKK-a agza iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Razwedka maglumatyna esaslanyp geçirilen operasiýada, howpsuzlyk güýçlerine ýaragly uçarmansyz howa ulagy hem goldaw berdi. 

Türkiyäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda: "Terrora garşy operasiýalarymyz halkymyzyň goldawy bilen erjellik we tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #PKK , #Diýarbakyr

Degişli Habarlar