Prezident Erdogan Egindeşleri Bilen Birlikde Atatürkiň Aramgähine Bardy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hökmünde ministrler kabinetimiz bilen birlikde Türkiýänin 85 millionlyk ilaty üçin hyzmat ederis"

1996085
Prezident Erdogan Egindeşleri Bilen Birlikde Atatürkiň Aramgähine Bardy
erdogan yeni kabine anitkabir2.jpg
erdogan yeni kabine anitkabir1.jpg
erdogan yeni kabine anitkabir.jpg

 

Prezident R. T. Erdogan, Ministrler kabinetiniň täze düzümi bilen Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy Prezidenti Atatürkiň gubyrynyň ýerleşýän ýeri bolan aramgähe bardy.

Ýolbarsly ýoldan ýöräp Atatürkiň aramgähine baran Erdoganyň, aý-ýyldyzly gül desselerini goýmagyndan soň hormatly dymyşlyk edildi we döwlet senasy ýerine ýetirildi.

Prezident Erdogan aramgähiň ýatlama depderine “Eziz Atatürk, Prezident dolanşygy hökümet ulgamynyň 2-nji döwründe ministrler kabinetiniň täze agzalary bilen huzuryňyza geldik. Şu gün ministrler kabinetiniň ilkinji maslahatyny geçirip, Türkiýe asyrynyň gurulmagy üçin aýgytly ädimler bilen işe girişeris. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hökmünde ministrler kabinetimiz bilen birlikde Türkiýänin 85 millionlyk ilaty üçin hyzmat ederis. Bize amanadyňyz bolan respublikamyzyň 100-nji ýylyny uly buýsanç bilen belläp geçeris we uly öňe gidişlik ederis. Beýik biribar bizi milletimiziň öňünde utandyrmasyn, ýatan ýeriniz ýagty bolsun”diýip ýazdy.

 



Degişli Habarlar