Türkiyede Prezident saýlawy geçirilýär

Türkiyäniň raýatlary şu gün Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin ses berýär

1991913
Türkiyede Prezident saýlawy geçirilýär
kılıçdaroğlu.png

Türkiyäniň syýasy taryhynda ilkinji gezek başdan geçiriljek Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin ses bermek işleri Türkiyäniň wagty bilen sagat 08:00-da başlady we sagat 17:00-a çenli dowam eder. 

Türkiyäniň mundan soňky 5 ýylyň Prezidentiniň kesgitlenjek saýlawda, 14-nji maýda geçirilen Prezident saýlawynyň ilkinji tapgyrynda iň köp ses alan Halk ýaranlygynyň dalaşgäri Rejep Taýýip Erdogan bilen Millet ýaranlygynyň dalaşgäri Kemal Kylyçdarogly özara bäsleşýär. 

Daşary ýurtda saýlaw sanawynda hasaba alynan takmynan 3,5 million saýlawçy üçin, dünýäniň 73 ýurdunda 151 wekilhanada 167 saýlaw merkezinde saýlaw sandyklary döredilipdi. 

Daşary ýurt wekilhanalarynda ses bermek işleri 24-nji maýda tamamlanypdy. Daşary ýurtlarda berilen sesler uçarlar we diplomatik kurýerler bilen Türkiyä getirilipdi. 

Paýtagt Ankara şäherinde Daşary ýurt etrap saýlaw geňeşinde saklanýan sesler, şu gün ýurduň ähli ýerinde ses bermek işleri tamamlananyndan soň, beýleki sesler bilen bir wagtda açylyp, sanalmaga başlanar. 

Ýaşaýan ýurtlarynda kesgitlenen möhlet aralygynda ses berip bilmedik saýlawçylar üçin gümrük gapylarynda döredilen saýlaw merkezlerinde bolsa ses bermek işleri şu gün sagat 17:00-a çenli dowam eder. 

Beýleki tarapdan Prezident Rejep Taýýip Erdogan we aýaly Emine Erdogan saýlawyň 2-nji tapgyrynda seslerini Stambulda berdiler. 

Millet ýaranlygynyň prezident dalaşgäri we Respublikan Halk Partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly we aýaly Selwi Kylyçdarogly bolsa Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin seslerini paýtagt Ankarada berdiler. 

Ýokary Saýlaw Geňeşiniň başlygy Ahmet Ýener hem Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin paýtagt Ankara şäherinde sesini bereninden soň eden çykyşynda, şu gün geçirilýän saýlawyň 14-nji maýda geçirilen 1-nji tapgyra görä has ir netijelenjekdigini pikir edýändiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar