Ministr Akar: "10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Siriýanyň demirgazygynda 4 esgeri ýaralan hüjümine artykmajy bilen garşylyk görkezilendigini we 10 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

1976028
Ministr Akar: "10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň demirgazygynda Zeýtun şahajygy we Ýewfrat Galkany sebitlerindäki bazalara garşy guralan terrorçylykly hüjümler bilen baglanşykly beýannama berdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, çykyşynda anyklanan terrorçylaryň ähli ýerleriniň nyşana alynyp, hüjüm guralandygyny belläp: "Ýaralanan 4 esgerimiz bar, olaryň hem bejergileri dowam edýär. Terrorçylaryň ýeke täk halas bolmak üçin ýollary bar, ol hem adalata boýun bolmaklarydyr. 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi. 

Hulusi Akar: "Biziň ýeke täk maksadymyz milletimize ýarag uzadan terrorçylardyr. Serhetlerimiziň goralmagy we howpsuzlygy üçin göreşimizi erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etdirmekde tutanýerlidiris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar