Ertir Gadyr gijesi bellenilip geçiler

Gurhanda “müň aýdan has gowudygy" beýan edilýän Gadyr gijesi ertir bellenilip geçiler

1975562
Ertir Gadyr gijesi bellenilip geçiler

Yslam dininde remezanyň 27-nji gijesine gabat gelýän we Gurhanda “müň aýdan has haýyrly” bolandygy beýan edilýän gadyr gijesi ertir bellenilip geçiler.

Gurhanyň ýer ýüzüne inderilmäge başlanan gadyr gijesi “asmanyn gapylarynyň açylan, dogadyr tobalaryň kabul edilýän mübärek gije” hökmünde kabul edilýär.

Gadyr gijesinde toba etmek we günäleriň bagyşlanmagy üçin doga etmek, Gurhan okamak maslahat berilýär. 

Muhammet Pygamber “müň aýdan has haýyrlydygy” beýan edilen Gadyr gijesinde: "Allam sen günäleri bagyşlaýansyň, günäleri geçýänsiň, meniňem günälerimi geç, bagyşla" görnüşinde doga okalmagyny maslahat beripdir. 



Degişli Habarlar