“27 Müň 949 Ýaşaýyş Jaýynyň Gurluşygyna Başladyk”

Prezident Erdogan, paýtagt Ankarada Çankaýa köşgünde käbir hususy teleýaýlymlaryň žurnalistleriniň soraglaryna jogap berdi.

1967226
“27 Müň 949 Ýaşaýyş Jaýynyň Gurluşygyna Başladyk”

Prezident R. T. Erdogan, ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerinde 27 müň 949 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna başlandyklaryny, hatda obalarda käbir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny nygtady.

Prezident Erdogan, paýtagt Ankarada Çankaýa köşgünde käbir hususy teleýaýlymlaryň žurnalistleriniň soraglaryna jogap berdi.

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň sebitiň ýaňadandan dikeldilmegi etabynyň başlandygyny nygtan Erdogan, “Halkymyz arkaýyn bolsun 20 ýylda 1 million 180 müň howpsuz ýaşaýyş jaýyny guran we 3,3 million şäher gurluşyk taslamasyny amala aşyran hünärmenler iş başynda. Ýer titremeleriniň başdan geçirlen ýerlerinde täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga başladyk”diýip belledi.

Prezident Erdogan, ýer titrmeleri zerarly uly ýitgi çeken Adiýaman, Kahramanmaraş, Gaziantep, Hataý we Malatýa welaýatlarynda jemi 27 müň 949 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna başlanandygyny nygtap, “Hatda käbir obalarda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Tomus aýlaryna çenli şol jaýlarynyň gurluşygyny tamamlarys. Biz bir zady ederis diýdikmi ederis”diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar