Wengriýanyň Prezidenti Türkiýä Geldi

Garşylama dabarasyndan soň Erdogan bilen Nowak özara duşuşyk geçirdi.

1967064
Wengriýanyň Prezidenti Türkiýä Geldi

 

Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde paýtagt Ankara gelen Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak, ilki Atatürkiň aramgähine bardy.

Myhman Prezident Nowak aramgähe gül desselerini goýop, hormatly dymyşlyk etdi.

Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak, Atatürkiň aramgähinden soň Prezidentiň Kompleksinde Prezident R. T. Erdogan tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Garşylama dabarasyndan soň Erdogan bilen Nowak özara duşuşyk geçirdi.

Resmi duşuşyklarda Türkiýe-Wengriýa gatnaşyklary ähli taraplaýyn seljeriler, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ediljek başlangyçlar hakynda pikir alyşylar.

Duşuşyklarda özara gatnaşyklaryň ýany bilen Türkiýe-ÝB gatnaşyklar, aktual sebitleýin we global meseleler boýunça hem pikir alyşylmagy meýilleşdirilýär.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar