Çal Toparda Gözlenýän Terrorçy Tussag Edildi
PKK-a agza “Harun Elbak” lakamly Selim Adyýaman Şyrnakda tussag edildi.
1965933
Gözlenýän terrorçylaryň sanawynda çal toparda ýer alýan ekstremist terror guramasy PKK-a agza “Harun Elbak” lakamly Selim Adyýaman Şyrnakda tussag edildi.
Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, Şyrnak welaýatynyň Idil etrabynda daşary ýurda gitmäge çalşan terrorçy, “Eren Gabaw güýz gyş-26” operasiýasynyň çäginde sag tussag edildi.
Terrorçynyň, gözlenýän terrorçylaryň sanawynda çal toparda ýer alýan Harun Elbak lakamly Selim Adyýamandygy anyklandy.
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem, terrorçy Elbakyň tussag edilendigi sebäpli sosial media arkaly harby hünärmenleri gutlady.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Eýranly Kärdeşi Üçin Gynanç Bildirdi
" Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Raisa Beýik Biribardan rehnet dileýärin”