Türkiye Daniýada Gurhana we Türk baýdagyna garşy amala aşyrylan aksiýany ýazgardy

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Daniýada birnäçe gün ozal Gurhana we Türkiyäniň baýdagyna garşy amala aşyrylan aksiýany ýazgardy

1965142
Türkiye Daniýada Gurhana we Türk baýdagyna garşy amala aşyrylan aksiýany ýazgardy
MSB.jpg
fuat oktay.jpg
mustafa sentop.jpg

Mustafa Şentop Twitter hasabyndan Daniýada birnäçe gün ozal Gurhana we Türkiyäniň baýdagyna garşy amala aşyrylan aksiýa barada beýanat berdi. 

Mustafa Şentop hüjümi ýazgaryp: "Daniýada ilçihanamyzyň öňünde mukaddes kitabymyz Gurhana we şanly baýdagymyza garşy amala aşyrylan hüjümi we şol kabul edilmesiz aksiýalara rugsat berilmegini iň berk ýagdaýda ýazgarýaryn. Yslamyň iň adaty gymmatlyklaryna we musulmanlara hüjüm gurap, açyk ýagdaýda söweş alyp barýanlara garşy kanuny taýdan çäre görülmegi üçin Daniýanyň resmileri başda bolmak bilen, halkara kazyýet orgnalaryna wezipelerini berjaý etmekleri barada çagyryş berýäris" diýip habar berdi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Daniýada Gurhana we Türkiyäniň baýdagyna garşy amala aşyrylan hüjümi we şol aksiýalaryň ýerine ýetirilmegine rugsat beren Daniýanyň resmilerini ýazgardy. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Daniýada mukaddes kitabymyz bolan Gurhanyň we şanly baýdagymyzyň nyşana alynan pes, wagşy we ýigrenç esasly hüjümleri milletimiz we adamzat hökmünde ýazgarýarys" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar