Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 39 Müň 672 Adama Ýetdi

7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 672 adama ýetdi.

1947996
Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 39 Müň 672 Adama Ýetdi

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 672 adama ýetdi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, düýn ýer titremesiniň 12-nji gününde ýogalanlaryň sanynyň 39 müň 672 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 108 müň 68 adama ýetendigini mälim etdi.

Soýlu, 20 müňden gowrak binada gözleg we halas ediş işleriniň geçirlendigini belledi.

Ministr Soýlu, beýannamasynda, gözleg we halas ediş işleriniň umuman alnanda tamamlanandygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar