Daşary Ýurt Gözleg-Halas Ediş Toparlary Ýurtlaryna Dolanýarlar

Ýer titremelerinden soň sebitde gözleg we halas ediş işlerine gatnaşan daşary ýurtly toparlar ýurtlaryna dolanýarlar.

1947789
Daşary Ýurt Gözleg-Halas Ediş Toparlary Ýurtlaryna Dolanýarlar
kirgiz ekip.jpg
venezuela deprem ekip.jpg

6-njy fewralda bolan we 11 welaýatda agyr weýrançylyklara getiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinden soň sebitde gözleg we halas ediş işlerine gatnaşan daşary ýurtly toparlar ýurtlaryna dolanýarlar.

Ýer titreme sebitindäki işlerini tamamlan 24 adamdan ybarat gyrgyzstanly gözleg-halas ediş topary, Stambul howa menzilinde uçar bilen ýurduna dolandy.

Toparyň düzümindäki kapitan Ruslan Toktomambetow; “Şu günki güne çenli gören iň agyr tebigy apatym boldy. Şeýle gynandyk. Biz bir millet, şol bir nesilden gelip çykýarys. Ganymyz, watanymyz, dinimiz bir. Türk doganlarymyzyň şeýle agyr ýagdaýa düşmegi bizi gynandyrýar” diýdi.

Gyrgyz halas edijilere Daşary işler ministrligi tarapyndan Hormat şahadatnamasy gowşuryldy.

Gyrgyz gözleg topary ýadygärlik surat aldyrandan soň Türk howa ýollarynyň uçary bilen ýurtlaryna ugradyldy.

Wenesuelanyň gözleg-halas ediş topary hem Stambul howa menzilinden ýurtlaryna ugradyldy.



Degişli Habarlar