Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 35 Müň 418 Adama Ýetdi

Prezident Erdogan ýer titremelerinde 35 müň 418 adamyň ýogalandygyny, 105 müň 505 adamyň hem ýaralandygyny belledi.

1946495
Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 35 Müň 418 Adama Ýetdi

Prezident R. T. Erdogan, 6-njy fewralda bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sanynyň 35 müň 418 adama ýetendigini aýtdy.

Prezident Erdogan “asyryň tebigy apaty” hökmünde häsiýetlendirlen ýer titremeleri gün tertibi bilen geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan ýer titremelerinde 35 müň 418 adamyň ýogalandygyny, 105 müň 505 adamyň hem ýaralandygyny belledi.

Ýaralananlardan 13 müň 208 adamyň bejergisiniň dowam edýändigini ýatladan Erdogan, haraba öwrülen 19 müňden gowrak binadan 15 müňünde gözleg we halas ediş işleriniň tamamlanandygyny nygtady.

Prezident Erdogan ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerinde 250 müň adamyň gözleg, halas ediş we kömek işlerine gatnaşýandygyny belledi.

Erdogan “Ýykylan binalaryň harabalygyndan soňky raýatymyz çykarylýança gözleg we halas ediş işlerimizi dowam etdireris” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar