Prezident Erdogan Diýarbakyra Gitdi

Prezident Erdoganyň Diýarbakyrdan soň Şanlyurfa welaýatyna barmagyna garaşylýar.

1945194
Prezident Erdogan Diýarbakyra Gitdi

Prezident R. T. Erdogan, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinden soň  guraýan iş saparyny dowam etdirýär.

Prezident Erdogan şol çäkde Diýabarkyra gitdi.

8-nji fewralda Kahramanmaraşda we Pazarjyk etrabynda, Hataýda we Iskenderun etraby bilen Adanada, penşenbe güni Gaziantepde, Kilisde we Osmaniýede saparda bolan Erdogan, düýn hem ýer titremesinde uly ýitgi çeken Adyýamanda we Malatýada saparda bolup, gözleg we halas ediş işleri hem-de kömekler hakynda maglumat aldy.

Prezident Erdogan şu gün hem Ankaradan Diýarbakyra uçdy.

Prezident Erdoganyň Diýarbakyrdan soň Şanlyurfa welaýatyna barmagyna garaşylýar.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar