Ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň aşagyndan umytlandyrýan habarlar gelmäge dowam edýär

Ençeme sagat geçmegine garamazdan harabalyklardan umytlandyrýan habarlar gelip gowuşmaga dowam edýär

1944457
Ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň aşagyndan umytlandyrýan habarlar gelmäge dowam edýär

Türkiyäni berk sarsan 6-njy fewraldaky güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerde ýüzlerçe gözleg we halas ediş topary we müňlerçe meýletin adam harabalyklaryň aşagyndan umytlandyrýan habarlar bermek üçin arman-ýadaman işleýärler. 

Ençeme sagat geçmegine garamazdan harabalyklardan umytlandyrýan habarlar gelmäge dowam edýär.

Hataý welaýatynyň Belen etrabynda 82 sagat soň bir gudrat boldy, eje, kaka we olaryň 3 çagasy harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykaryldy. 

15 ýaşyndaky Ali Battal ýer titremeden 81 sagat soň, 40 ýaşyndaky Selma Hasar we 14 ýaşyndaky Nida 80 sagat soň, 2 ýaşyndaky Mert Tatar hem 79 sagat soň harabalyklaryň aşagyndan halas edildi. 

Hataýda weýran bolan bir binanyň harabalyklarynyň aşagyndan 72 sagat soň 5 adam halas edildi, eje we ogly 70 sagat soň, 1-i çaga  2 daşary ýurtly raýat 67 sagat soň, Kyrykhan etrabynda hem ýer titremeden 68 sagat soň 3-si çaga jemi 6 adam harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykaryldy. 7 aýlyk bäbek hem ýer titremeden 66 sagat soň harabalyklaryň aşagyndan halas edildi. 

Diýarbakyrda ýer titremede ýumrulan binanyň harabalyklarynyň aşagyndan gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde takmynan 81 sagat soň 8 ýaşyndaky çaga ýaraly ýagdaýda çykaryldy. Baglar etrabynda hem bir binanyň harabalyklarynyň aşagyndan 72 sagat soň bir zenan diri ýagdaýda çykaryldy. 

Gaziantepiň Islahiýe etrabynda 17 ýaşyndaky Ünzile Sewimli binanyň harabalyklarynyň arasyndan 78 sagat soň diri ýagdaýda çykaryldy. 

Ersin we Mustafa Tabur bilen kakalary Mithat Tabur hem 76 sagat soň halas edildiler. 

Adanada ýer titremede çöken bir binanyň harabalyklarynyň aşagyndan galan zenan, ýer titremeden 75 sagat soň çykaryldy. 

Kahramanmaraşda 72 sagat soň binalaryň biriniň aşagyndan 72 ýaşyndaky Ismail Altynoluk, 73 sagat soň bolsa biri 5 ýaşynda çaga bolan 3 adamdan ybarat maşgala, 70 sagat soň 49 ýaşyndaky Duran Şeker, 68 sagat soň 80 ýaşyndaky bir zenan halas edildi. 

Diýarbakyryň Baglar etrabynda hem binalaryň biriniň harabalyklarynyň aşagyndan 72 sagat soň bir zenan çykaryldy. 

Hataýda weýran bolan bir binanyň harabalyklarynyň aşagyndan 72 sagat soň 4 adam halas edildi, 1-i çaga  2 daşary ýurtly raýat 67 sagat soň, Kyrykhan etrabynda hem ýer titremeden 68 sagat soň 3-si çaga jemi 6 adam harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykaryldy. 7 aýlyk bäbek hem ýer titremeden 66 sagat soň harabalyklaryň aşagyndan halas edildi. 

Adyýamanda harabalyklaryň aşagyndan 36 ýaşyndaky bir erkek ýer titremeden 77 sagat soň, eje we 2 gyzy ýer titremeden 65 sagat soň, Şanlyurfa welaýatynyň Birejik etrabynda hem bir zenan 69 sagat soň ýaraly ýagdaýda çykaryldy. 



Degişli Habarlar