Moldowanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýede Saparda Bolýar

Mustafa Şentop, Moldowanyň Mejlisiniň başlygy Igor Grosu bilen duşuşdy.

1938350
Moldowanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýede Saparda Bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Moldowanyň Mejlisiniň başlygy Igor Grosu bilen duşuşdy.

Şentop bilen Grosu özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Şentop, paýtagt Ankarada bolan duşuşykda, Türkiýäniň Modowany goňşusy hökmünde kabul edýändigini belledi.

Moldowa bilen edilýän gatnaşyklary Strategik hyzmatdaşlygyň çäginde güýçlendirmegi arzuw edýändikleri nygtan Şentop, Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirlen Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji maslahatynda özara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy üçin ähli ugurlaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Mustafa Şentop, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 1 milliard dollardan geçendigini nygtady.

Şentop, Türkiýäniň Moldowa esasan göç meselesinde ýüküniň ýeňilleşdirilmegi üçin ynsanperwer kömegini bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

Moldowanyň Mejlisiniň başlygy Igor Grosu bolsa Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy döwründe we Ukraina-Russiýa söweşi sebäpli Moldowa beren goldawlary üçin sagbolsun aýtdy.

 

 

 



Degişli Habarlar