Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy

Wise-prezident Fuat Oktaý goranmak senagaty, energetika we syýahatçylyk başda bolmak bilen Türkiyäniň hödürleýän ägirt uly potensialynyň Taýland tarapyndan netijelendirilmegine garaşýandyklaryny mälim etdi

1938310
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy

Wise-prezident Fuat Oktaý, resmi sapar bilen Türkiyä gelen Taýlandyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen paýtagt Ankara şäherinde Prezidentiň kompleksinde duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we Russiýa-Ukraina söweşi ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Türkiýe bilen Taýladyň arasyndaky gatnaşyklaryň we söwda geleşikleriň has hem güýçlendirilmegini umyt edýäniklerini aýdan Fuat Oktaý, goranmak senagaty, energetika we syýahatçylyk başda bolmak bilen Türkiyäniň hödürleýän ägirt uly potensialynyň Taýland tarapyndan netijelendirilmegine garaşýandyklaryny beýan etdi. 

Fuat Oktaý, Türkiyäniň Russiýa-Ukraina söweşindäki çemeleşmesi bilen dünýä parahatçlygyna we asuda ilatyň goralmagyna bolan dyýgurlygyny ýatlatdy. Terror guramalaryna garşy umumy göreşiň hem ähmiýetini nygtap geçen Fuat Oktaý, Taýlantdan hem şol meseledäki tamasyny beýan edip geçdi. 



Degişli Habarlar