Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

“Hüjüm guramaga synanşan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmäge dowam edýäris"

1914467
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
cerablus deasli teroristler.jpg

Siriýanyň demirgazygynda ýerleri anyklanylan terror guramasy PKK/ÝPG-li 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Hüjüm guramaga synanşan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmäge dowam edýäris. Türk ýaragly güýçlerimiz, Siriýanyň demirgazygynda ýerleri anyklanylan PKK/ÝPG-li 2 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Terrora garşy egilşiksiz göreşimiz dowam eder”diýdi.

Içeri işler ministrligi hem Siriýanyň Jarablus we Bab etrapçalarynda geçirlen operasiýada terror guramasy DAEŞ-e agza 18 terrorçynyň saklanandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar