"PKK bilen ÝPG-niň arasynda hiç hili tapawut ýok, ikisi şol bir terror guramasydyr"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "PKK bilen ÝPG-niň arasynda hiç hili tapawut ýok, ikisi şol bir terror guramasydyr" diýip habar berdi

1842633
"PKK bilen ÝPG-niň arasynda hiç hili tapawut ýok, ikisi şol bir terror guramasydyr"

Diýarbakyr welaýatyna sapar guran Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly çagalary ekstremist terror guramasy tarapyndan zamun alynandygy üçin Halklaryň Demokratik partiýasynyň welaýat merkeziniň binasynyň öňünde eýýäm 1 müň günden gowrak wagt bäri aksiýa geçirýän Diýarbakyrly eneler bilen duşuşyk geçirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Siriýadakylaryň ady ÝPG, ol PKK-lylardan tapawutly diýärler. Şol sebäpli biz olary terrorçy hökmünde ykrar etmeýäris diýmäge synanyşýarlar. Häzirki wagtda NATO-nyň düzümine girmek isleýän iki ýurt hem şol zady aýtmaga çalyşýar. Emma biz olara PKK bilen ÝPG-niň arasynda hiç hili tapawudyň bolmandygyny we ikisiniň hem şol bir terror guramasydygyny aýdýardyk. Terror guramalarynyň arasynda tapawut bar ýaly, biriniň terror guramasy, beýleksiniň bolsa hakyny gözleýän bir gurama ýaly görkezmäge synanyşýarlar. Eger kürtleriň haklarynyň nämedigini bilmek isleýän bolsaňyz, haýsy haklaryny isleýändiklerini eşitmek isleýän bolsaňyz geliň bu ýere, Diýarbakyrly ene-atalar bilen duşuşyň. Bize ynanmaýan bolsaňyz, gönüden olary diňläň" diýip belledi. 



Degişli Habarlar