1915 Çanakgala Köprüsi Ertir Açylar

1915 Çanakgala köprğsi 18-nji mart Çanagalla deňiz ýeňişiniň 107-nji ýylynda ertir Prezident R.T.Erdogan tarapyndan açylar.

1797430
1915 Çanakgala Köprüsi Ertir Açylar

Özbolyşlyklary taýdan “simwollaryň köprüsi” häsýetlendirilýän, inženerçiligindäki detallary öňe saýlanýan “dünýäniň iň uzyn orta aralykly köprüsi” derejsine eýe uzynlygy 4,608 metre barabar bolan 1915 Çanakgala köprüsi bilen Aziýa we Ýewropa materikleriniň arasyndaky geçiş möhleti 6 minuda düşer.

Çanakgala welaýatynyň Lapseki we Gelibolu etraplarynyň arasynda ýerleşýän we “Ajaýyplyklaryň” taslamasy häsýetlendirilýän köprüniň esasy kabelinde dünýäniň daşyny 4 gezek aýlanýan 162 kilometr uzynlygyndaky sim ulanyldy.

Köprüniň 2032 metrlik orta aralygy Respublikanyň 100 ýyllygynyň, 318 metrlik diňleri bolsa Çanakgala Deňiz ýeňişiniň gazanylan ýyly bolan 1915-nji ýylyň tymsaly.

Gyzyl-ak reňkli 334 metr uzynlygyndaky diňler türk baýdagyna wekilçilik edýän bolsa, taslama “dünýäniň in belent diňli asma köprüsi” derejesini hem gazandyrýar.



Degişli Habarlar