Prezident Erdogan Trabzon welaýatyna bardy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Ýurdumyzda ençeme beýik eser döretdik we hyzmatlar berdik" diýdi

1770465
Prezident Erdogan Trabzon welaýatyna bardy

Prezident Erdogan Trabzon welaýatynda geçirilen Köpçülikleýin açylyş dabaralara gatnaşdy. 

Erdogan Trabzon welaýatynda bilim we saglygy goraýyş ugurlaryny öz içine alýan her etrapda ençeme taslamanyň resmi açylyş dabarasyny amala aşyrandyklaryny belläp: "Gara deňiz sebitiniň lokomotiw şäheri bolan Trabzon galkynsa bütin Türkiýe galkynar. Trabzon ýörese bütin Türkiýe ýörär, Trabzon beýgelip össe bütin Türkiýe beýgelip öser diýmekdir" diýip beýan etdi. 

Prezident Erdogan: "10 ýyl ozal milletmize 2023-nji ýyl bilen bagly maksatnamalarymyzy aýan etdik. Ýurdumyzda ençeme beýik eser döretdik we hyzmatlar berdik. 2053-nji ýyl bilen bagly maksatnamamyzy hem güntertibe getirdik. Milletimize beren wadalarymyzy ýerine ýetirenimizden soň, plankany öz elimiz bilen ýokary galdyrdyk. Biz saglygy goraýyş infrastrukturalarymyzy şäher hassahanalary bilen ösen ýurtlardan öňe geçdik, ýurdumyzy ýollar, howa menzilleri bilen üpjün etdik" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar