Türkiýäniň Erbil şäherindäki Baş konsullygynyň Halapça ýüzlenmesi
Türkiýäniň Erbil şäherindäki Baş konsullygy 1988-nji ýylyň 16-njy martynda Halapça şäherinde guralan hüjüm bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi
Türkiýäniň Erbil şäherindäki Baş konsullygy Yragyň Halapça şäheriniň 1988-nji ýylyň 16-njy martynda himiki ýaraglar bilen bomabalanmagynyň 33-nji ýyly bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi.
Baş konsullygyň Twitter hasabyndan berilen gynanç ýüzlenmesinde, Baas režimi tarapyndan 1988-nji ýylyň 16-njy martynda Halapça şäherinde guralan himiki hüjümde müňlerçe bigünä adamyň rehimsizlik bilen öldürilmeginiň taryhda gara bir tegmil hökmünde ýatlanýandygy mälim edildi.
Beýanatda: "Bu adamzat gymmatlyklaryna bap gelmeýän hüjümden gaçyp özüne sygynan kürt doganlaryna gapylaryny açan Türkiýe, şol uly gam-gussany şu günki gün hem paýlaşýar. Halapça gyrgynçylygynda ýogalan adamlara Alladan rehnet dileýäris" diýip nygtaldy.
Degişli Habarlar
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 16 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi