Çawuşogly: "Türkiýe Pars aýlagynda jebisligi, durnuklylygy we howpsuzlygy goldaýar"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ýurtlaryň arasynda kadalaşmaetabyny uly hoşallyk bilen kabul edýän Türkiýäniň Pars aýlagynda jebisligi, durnuklylygy we howpsuzlygy goldaýandigini habar berdi

1581015
Çawuşogly: "Türkiýe Pars aýlagynda jebisligi, durnuklylygy we howpsuzlygy goldaýar"

Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen giden Omanda, ýurdyň Daşary işler ministri Saýýid Badr bin Hamad bin Hamoud al Busaidi bilen geçiren duşuşygyndan soň, bolan metbugat ýygnagynda çykyş etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Omanyň Soltany Heýsem bin Taryk bin Teýmur Al Saide çakylygyny berendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, kärdeşi bilen netijeli we açyk gepleşikler geçirendigini mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklarymyzy ösdürmek babatynda ylalaşyga geldik" diýip aýan etdi. 

Kärdeşi bilen sebitleýin we halkara meseleleri hem ele alandyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Omanyň garaşsyz we bitarap daşary syýasatyny goldaýandygyny, resmi Maskadyň sebitde pähimiň sesi bolýandygyny beýan etdi. 

Ministr Çawuşoglyny Omanda kabul etmekden hoşaldygyny aýdan Busaidi bolsa öz gezeginde: "Bu saparda iki ýurdyň arasyndaky gowy we aýratyn ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz bilen bagly oňyn we peýdaly gepleşikler geçirdik. Bu gatnaşyklary, esasan hem ykdysady, söwda, syýahatçylyk we medeni ugurlary has hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdyk" diýip mälim etdi. 

Busaidi, Çawuşogly bilen geçiren duşuşygynda sebitleýin we halkara meseleleri ele alandyklaryny belläp, bu meselelere bolan garaýyşlarda we umuman alynanda, bular ýaly meseleleriň çözüwinde we kynçylyklara garşy bilelikde tagalla etmek babatynda ylalaşandyklaryny aýan etdi. 

Koronawirus epidemiýasyna garşy göreş babatynda hem pikir alyşandyklaryny aýdan Busaidi, bu meselede hem Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini we maglumat çalşygyny ýerine ýetirýändiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar