Erdogan PKK-a tarapyndan şehit edilen Erden Bülbül bilen bagly beýanat berdi

Erdogan Maçka etrabynda 2017-nji ýylyň 11-nji awgustynda PKK-a agza terrorçylar bilen bolan çaknyşykda şehit edilen Eren Bülbül bilen bagly beýanat berdi

1471353
Erdogan PKK-a tarapyndan şehit edilen Erden Bülbül bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan şehit edilen Eren Bülbüliň ganyny ýerde goýmandyklaryny belläp: "Emma gussasy entegem ýüregimizde" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan, Twitter hasabyndan Trabzon welaýatynyň Maçka etrabynda 2017-nji ýylyň 11-nji awgustynda PKK-a agza terrorçylar bilen bolan çaknyşykda şehit edilen Eren Bülbül bilen bagly beýanat berdi. 

Beýanatynda Bülbüliň "Barlygyňa şükür Eren" ýazylan suratyny hem paýlaşan Prezident Erdogan: "Şehit bolan gününiň 3-nji ýylynda terror guramasy PKK tarapyndan şehit edilen Eren jigimiziň ganyny ýerde goýmadyk, emma gussasy entegem ýüregimizde. Eren Bülbül bilen birlikde bu watan ugrunda janlaryny gözüni gyrpman pida eden ähli şehitlerimizi uly hormat bilen ýatlap geçýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar