Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

2137776
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Erdogandan Ýewropa Bileleşigine ýüzlenme" söz başyly habarynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Ýewropa Güni bilen bagly ýüzlenme çap edendigini habar berýär. Erdogan ýüzlenmesinde, ÝB-niň syýasatlaryna ünsleri çekdi. Prezident Erdogan: "Ýurdumyza garşy amala aşyrylýan çetleşdiriji syýasatlaryň öňünde, Türkiye eýe bolan strategik mümkinçiliklerini we başarnyklaryny ulanmakdan we özgertmekden ýüz öwürmez" diýip belledi.

Haber Türk gazedi: "Erdogan Braziliýanyň Palestina bilen bagly çemeleşmesi haýran galdyryjy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Braziliýanyň prezidenti Luis Inasio Lula da Silwa bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim edýär. Prezident Erdogan Braziliýanyň Ysraýylyň Palestina topraklarynda amala aşyrýan wagşylygyna garşy çemeleşmesiniň haýran galdyryjydygyny, hemişelik ýaraşygyň ýola goýulmagy bilen sebitleýin ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi babatynda tagallalaryň artdyrylmagynyň zerurdygyny beýan etdi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiye Ysraýyl bilen söwdany çäklendirmek baradaky kararyň arkasynda dur" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Boladyň Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Katsyň "Türkiye çäklendirmelerini ýatyrdy" diýen öňe sürmeleri barada jogap berendigini beýan edýär. Ömer Bolat: "Ysraýylyň daşary işler ministriniň beýanatlary çürt-kesik hyýaly önüm bolup, hakykat bilen hiç hili arabaglanşygy ýokdur. Ysraýyl bilen söwda babatynda hökümet hökmünde kabul eden kararyň arkasyndadyrys" diýip belledi. 

Hürriýet gazedi: "Türkiyäniň boýkot karary Ysraýylyň gün tertibinde" söz başyly habarynda, Ysraýylyň metbugatynda Türkiyäniň Ysraýyl bilen söwdany duruzmak baradaky kararyň garaşylmadykdygy we onuň ýaşaýyşyň gymmatlamagyna getirjekdigi aýan edildi. Sanly üpjünçilik zynjyrynyň ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Elad Barşan: "Bu biziň üpjünçilik zynjyrymyzyň iň gowşak nokadyna ýaramaz täsir ýetirdi" diýip nygtady. 

Sabah gazedi: "Türk Howa Ýollary karhanasynyň ýolagçy sany 25 milliondan geçdi" söz başyly habarynda, Türk Howa Ýollary kärhanasynyň 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda 23,6 million bolan ýolagçy sanynyň, şu ýylyň şol döwründe 8 göterim artyp 25,5 million ýolagça ýetendigini beýan edýär. 


Etiketkalar: #gazet , #habar , #metbugat

Degişli Habarlar