Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2137223
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogyň Türki döwletlere Gaza boýunça çagyryşy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Azerbaýcanyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen geçiren duşuşygynda Ysraýylyň hücümlerine sezewar bolýan Gazadaky asuda ilata ynsanperwe kömeginiň ýetirilmegi üçin Türki döwletleriň guramasynyň has giň hyzmatdaşlyk edip bilcekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Esasy kömek Türkiýeden” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Öncü Keçeliniň “Gaza ýetirilen ynsanperwer kömeginiň 30 göterimini üpcün eden Türkiýe palestinalylara iň köp kömek beren ýurt” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Goňşy Mikotakisiň Türkiýä saparyna gönükdi” söz başyly habarynda, Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakisiň 13-nci maýda Türkiýä guracak saparynyň goňşyny tolgundyrandygyny ýazýar. Grek metbugaty 14 aýdan bäri dowam edýän oňyn atmosferadan soň Prezident Erdoganyn dialog we diplomatiýa hakyndaky soňky beýanatynyň Gresiýa üçin dostluk elinden has uly many aňladýandygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýede öndürildi, dünýäniň çar tarapyna eksport edilýär” söz başyly habarynda, Artwin welaýatynda Çoruh derýasynyň ugrundaky bent källerinde we deňizde gurlan desgalardan geçen ýyl 14,4 tonna türk gyzylbalygynyň öndürilendigini mälim edýär. Türk gyzylbalygy atlandyrylýan forel balygy Ýaponiýanyň we Russiýanyň başda durmagynda dünýäniň çar tarapyna eksport edilýär.

“Star” gazeti “Türk lirasyndaky aktiwlere bolan gyzyklanma artýar” söz başyly habarynda, ykdysady dolanşyk tarapyndan edilen başlangyçlaryň we Orta möhletli maksatnamanyň gyşarnyksyz bercaý edilmegi bilen bilelikde, halkara kredit derecelendiriş guramalarynyň oňyn kararlarynyň türk lirasyndaky aktiwlere bolan gyzyklanmany artdyrmaga dowam edýändigini ýazýar.



Degişli Habarlar