Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1914464
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Galla geçelgesi arkaly eksport edilen galanyň mukdary 13 million tonnadan geçdi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň Ukrainanyň portlaryndan galla eksportunyň dowam edýändigini beýan edip, onuň mukdarynyň 13 million tonna barabar bolandygyny habar berendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Warank: Türkiýe elektrifikasiýada öňbaşçy ýurtlardan biri bolar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnlogiýalar ministri Mustafa Warankyň awtoulag otlaýyjy katuşkasyny öndürýäň halkara firmanyň İzmirde ýerleşýän zawoduna eden iş saparynda; “Türkiýe elektrifikasiýada öňbaşçy  ýurtlardan biri bolan we şu ýerden dünýä ýurtlarynda satýan enjamlarymyzyň ýanynda Türkiýedäki öndüriler hem önümlerini bärden almaga başlar” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Aýaklaryny ýerden üzen “Gyzylalma” dünýä ýakyn gyzyklanma bildirdi” söz başyly habarynda, aýaklaryny ýerden üzen Türkiýäniň ilkinji uçarmansyz harby uçary “Baýraktar Gyzylalma” dünýä metbugatynyň ýakyn gyzyklanma bildirýändigini mälim edýär. “Gyzylalmanyň” teker kesme synagynda iňnän deňagramly görünýändigini ýazan daşary ýurt metbugat organlary, ilkinji uçuşyň ýakyn gelejekde boljakdygyny beýan edýärler.

“Haber Türk” gazeti “Türk lirasy bilen eksport noýabr aýynda ýyllyk 114 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Türk lirasy bilen eksportuň notabr aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 114 göterim ýokarlap, 15,67 milliard lira deň bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropada birinji” söz başyly habarynda, Ýewropadaky howa menzilleriniň arasynda kabul eden ýolagçy sany taýdan soňky ýylda birinji orny eýeleýän Stambul howa menziliniň 25-nji noýabr bilen 1-nji dekabryň aralygynda günde 1,210 uçuş bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili bolandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar