Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmuş Gazagystanda Saparda Bolýar

Numan Kurtulmuş paýtagt Astanada Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Ýerlan Koşanow bilen duşuşdy.

2141818
Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmuş Gazagystanda Saparda Bolýar

Resmi sapar bilen Gazagystana giden Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş paýtagt Astanada Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Ýerlan Koşanow bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, söwda, bilim we medeniýet ýaly birnäçe ugurda edilýän gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türki dünýäniň mundan soňky etapda biri-birine has-da ýakynlaşmagy üçin bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini arzuw edýändiklerini nygtan Kurtulmuş, “Bu meselede Ýunus Emre institutynyň netijeli işleri durmuşa geçirýändigini bilýäris. Gazagystanda esasan Ýunus Emre institutynyň iş alyp barmagy iki ýurdy biri-birine has-da ýakynlaşdyrar” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar