Numan Kurtulmuş Gazagystana we Özbegistana sapar gurar

Türkiyäniň Beýik Millet mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş, 19-23-nji maý aralygynda Gazagystana we Özbegistana resmi sapar gurar

2141247
Numan Kurtulmuş Gazagystana we Özbegistana sapar gurar

Numan Kurtulmuşyň gurajak saparynda Gazagystan we Özbegistan bilen ozal bar bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň we parlamentara gatnaşyklaryň has hem özgerdilmegi üçin edilip bilinjek ädimler ele alynar, Türk dünýäsi bilen gatnaşyklar başda bolmak bilen sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylar. 

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş 19-21-nji maý aralygynda resmi sapar bilen gitjek Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde, Gazagystanyň Mejlisiniň başlygy Ýerlan Koşanow, Gazagystanyň Senadynyň başlygy Maulen Aşimbaýew bilen Gazagystanyň Premýer ministri Olžas Bektenow bilen aýry-aýry duşuşyklar geçirmegine garaşylýar, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar. 

Gazagystanyň Türkistan şäherine sapar gurajak Numan Kurtulmuş, ol ýerde Hoja Ahmet Ýasawy uniwersitetinde geçiriljek çärede çykyş eder. 

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş 22-23-nji maý aralygynda sapar gurajak Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Özbegistanyň Ali Mejlisiniň kanun çykaryjy mejlisiniň başlygy Nurdinjan Ismailow, Özbegistanyň Ali mejlisiniň Senadynyň başlygy Tanzila Narbaýewa we Özbegistanyň Premýer ministri Abdulla Aripow bilen duşuşyklar geçirer.  

Numan Kurtulmuş mundan başgada Özbegistanyň Prezident Şewket Mirziýoýew tarapyndan hem kabul edilemgi meýilleşdirilýär. 



Degişli Habarlar