Aliýew we Raisi täze suw bentleriniň açylyşyna gatnaşdylar

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew we Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi  iki ýurduň serhetleriniň kesişýän ýerindäki Gyz Galasy we Hudaferin suw bentleriniň açylyşyna gatnaşdylar

2141336
Aliýew we Raisi täze suw bentleriniň açylyşyna gatnaşdylar

Azerbaýjanyň Prezident diwanyndan berilen beýanata görä Aliýew we Raisi iki ýurduň serhetleriniň arasynda duşuşyk geçirdiler. 

Raisi ol ýerde eden çykyşynda Aliýew bilen ýaňadandan duşuşmakdan hoşaldygyny beýan etdi. 

Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi şu gün iki möhüm taslamanyň açylyşyny amala aşyrjakdyklaryny belläp: "Bu taslamalar Eýran bilen Azerbaýjanyň şular ýaly ençeme taslamany durmuşa geçirip biljekdiginiň görkezijisidir" diýip aýtdy. 

Aliýew hem şu günki duşuşygyň we dabaranyň Eýran-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň taryhynda owadan we ajaýyp sahypa bolup galjakdygyny beýan etdi. 

Aliýew açylyşyny amala aşyrjak taslamanyň tehniki taýdan möhümdigini we şol bir wagtda iki halky, iki döwleti has hem ýakynlaşdyrjakdygyny aýtdy. 

Aliýew we Raisi geçirilen duşuşykdan soň Aras derýasynyň üstünde iki ýurt tarapyndan bilelikde gurulan Gyz Galasy we Hudaferin suw bentleriniň açylyşyny ýerine ýetirdiler. 



Degişli Habarlar