Belarusyň Prezidenti Lukaşenko Azerbaýjanda Saparda Bold

Lukaşeno, II Garabag urşunda Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Fuzuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.

2141089
Belarusyň Prezidenti Lukaşenko Azerbaýjanda Saparda Bold

Resmi sapar bilen Azerbaýjana giden Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşeno, II Garabag urşunda Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Fuzuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.

Lukaşenko, öňňin Prezident Ilham Aliýew bilen paýtagt Bakuda bolan duşuşgyndan soň düýn uçar bilen Fuzuli şäherine gitdi.

Belarusyň Prezidentini Halkara Fuzuli howa menzilinde Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew garşylady.

Şäherde Ermenistanyň basyp alyşlygy döwründe ýykylan ýerlere baryp gören Aliýew bilen Lukaşenko, gaýtadan dikeldiş işleri hakynda maglumat aldy.

Aliýew bilen Lukaşenko soň bolsa Şuşa şäherindäki taryhy ýerlere baryp gördi.

 



Degişli Habarlar