Özbegistanda Wengriýanyň we Ýewropanyň Firmalary Üçin Ýörite Erkin Ykdysady Zolak Dörediler

Bu barasynda Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanyndan beýannama berildi.

2136855
Özbegistanda Wengriýanyň we Ýewropanyň Firmalary Üçin Ýörite Erkin Ykdysady Zolak Dörediler

Beýannamada Prezident Şawkat Mirziýoýew resmi sapar bilen Özbegistanda bolýan Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýýartony kabul etdi.

Duşuşykda Mirziýoýew we Siýýarto iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşyp, taraplar senagat, derman senagaty, bilim, oba hojalygy, balykçylyk, logistika we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy hasam ösdürmek hakynda giňişleýin maslahat etdiler.

Wengriýanyň we Ýewropanyň firmalarynyň maýa goýum taslamary üçin Daşkendiň golaýynda ýörite erkin ykdysady zolagyň gysga möhletde açylmagynyň ähmiýetine üns çekilen duşuşykda, Özbegistan bilen Wengriýanyň Türki döwletleriň guramasy bilen beýleki halkara we sebitara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygy hem seljerildi.

Siýýarto ýurtdaky saparynyň çäginde Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýar Saidow bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hasam giňeldilmegi hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykdan soň Saidow we Siýýarto Özbegistan bilen Wengriýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2024-2026-njy ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin hyzmatdaşlyk maksady bilen hökümetleriň arasynda gaýtadan işlenýän energiýa pudagynyň ösdürilmegi hakyndaky ähtnama gol çekişdildi.



Degişli Habarlar