Içeri Işler Ministri Ali Ýerlikaýa Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

"Gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagy üçin tagalla etmäge we tejribe alyşmaga dowam ederis"

2034609
Içeri Işler Ministri Ali Ýerlikaýa Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Iş sapary bilen Azerbaýjana giden Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Azerbaýjanyň Içeri işler ministri Wilaýet Eýwazow bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, Ýerlikaýa duşuşykda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň sebitiň durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň öňündäki halkara meselelere we guramaçylykly jenaýatlara garşy birlikde hereket edýändigini nygtady.

Azerbaýjanyň ähli taraplaýyn ösmegine we ýurtda durnuklylygyň ýola goýulmagyna kanagatlanma bildiren Ýerlikaýa, iki ýurduň degişli guramalarynyň arasyndaky netijeli hyzmataşlyk hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Ministr Ýerlikaýa, gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagy üçin tagalla etmäge we tejribe alyşmaga dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministri Wilaýet Eýwazow hem Azerbaýjandaky durnuklylygyň ähmiýetine ünsi çekip, asudalygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy bilen hem ýurduň raýatlary hem-de türk işewürleri bilen birlikde daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly şertiň döredilendigini belledi.



Degişli Habarlar