Ali Ýerlikaýa tebigy apatlara garşy global derejede hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny belledi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa diňe ýerli däl, global mesele bolan tebigy apatlara garşy global derejede hyzmatdaşlyk etmegiň indi saýlamak däl, eýsem zerurlykdygyny beýan etdi

2034384
Ali Ýerlikaýa tebigy apatlara garşy global derejede hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny belledi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa Azerbaýjanda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar dolanşygyndan jogapkär Ministrleriň 2-nji maslahatyna gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi. 

Türkiyäniň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda geçirilen TDG Sammitinde guramanyň raýat goranyş mehanizminiň döredilmegini teklip edendigini ýatladan Ali Ýerlikaýa, geçen ýyl paýtagt Ankara şäherinde geçirilen Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar dolanşygyndan jogapkär Ministrleriň 1-nji maslahatynda tebigy apatlaryň täsirlerini azaltmaga we gowulaşdyrmaga goşant goşmak maksady bilen umumy gözleg, halas ediş we gowulaşdyrmak tagallalary bilen bagly Betbagtçylyklara garşy göreş bölüminiň gurulmagyny maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. 

Ali Ýerlikaýa Gazagystanyň Türkistan şäherinde 3-nji noýabrda geçiriljek TDG-nyň 10-njy sammitine çenli TDG Raýat goranyş mehanizminiň döredilmegi bilen baglanşykly ylalaşygyň taýar ýagdaýa getiriljekdigini aýan etdi. 

Türkiyede 6-njy fewralda başdan geçirilen güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleri ýatladyp geçen Ali Ýerlikaýa, Türkiyäniň halkara derejedäki ýardam çagyryşlaryna dünýäniň 103 ýurdundan teklip gelendigini, Türk dünýäsiniň ilkinjileriň hatarynda kömege gelendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar