Türkiye Gazagystandaky saýlawlar barada beýannama berdi

Türkiye Gazagystanda ýekşenbe güni geçirilen möhletinden irki parlament saýlawynyň asudalyk we parahatçylyk gurşawynda üstünlik bilen geçirilmeginden hoşaldygyny habar berdi

1962511
Türkiye Gazagystandaky saýlawlar barada beýannama berdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Gazagystanda ýekşenbe güni geçirilen möhletinden irki parlament saýlawy bilen bagly ýazmaça beýannama berdi. 

Saýlawyň asudalyk we parahatçylyk gurşawynda üstünlik bilen geçirilmeginden hoşaldygy bildirilen beýannamada: "Doganlyk gatnaşyklara eýe bolan we gatnaşyklarymyzy giňeldip, strategik ýaranlyk derejesine çykaran Gazagystanyň asudalygyna we durnuklylygyna uly ähmiýet berýäris, saýlawyň netijesiniň gazak halky üçin düşümli bolmagyny dileýäris" diýip habar berildi. 

Gazagystanyň raýatlary 19-njy martda 5 ýylyň dowamynda Mejlisde we ýerli mejlislerde iş alyp barjak deputatlaryny saýlamak üçin saýlawa gatnaşypdylar. Ses bermek işleri tamam bolan ýurtda sesler sanalmaga dowam edilýär. 

Saýlawlaryň gutarnykly netijesi bolsa Gazagystanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy tarapyndan 10 günüň dowamynda aýan ediler. 



Degişli Habarlar