Azerbaýjan ýertitremeleriň başdan geçirilen sebitde ýaşaýyş jaý gurar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Türkiyedäki ýertitreme sebitinde 100 million dollar gymmadynda ýaşaýyş jaý, döwlet binalary we okuw jaýlaryny gurjakdyklaryny habar berdi

1962739
Azerbaýjan ýertitremeleriň başdan geçirilen sebitde ýaşaýyş jaý gurar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Jeýhun Baýramow Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň we Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň döwürleýin başlygy Şwesiýanyň 6-njy fewralda Türkiyede we Siriýada başdan geçirilen ýertitremelerde ejir çeken adamlar üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen Halkara Donorlar maslahatyna gatnaşdy. 

Maslahatda çykyş eden Jeýhun Baýramow, ýertitremäniň edil yz ýanynda Türkiyä gözleg we halas ediş toparlarynda, saglygy goraýyş işgärlerinden we meýletinlerden ybarat jemi 940 adamdan ybarat topar ugradandyklaryny habar berdi. 

Jeýhun Baýramow Türkiyä 5 müň 300 tonna ynsanperwer kömek ugradandyklaryny we degişli guramadyr-edarlaryň bank hasabyna 45 million dollar ýatyrandyklaryny mälim etdi. 

Azerbaýjanyň mundan soň hem doganlyk Türkiyäniň ýanynda boljakdygyny, ýertitremeden soň başladylan dikeldiş işlerine maddy we tehniki taýdan goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Baýramow: "Azerbaýjan Türkiyedäki ýertitreme sebitinde 100 million dollar gymmadynda ýaşaýyş jaý, döwlet binasy we okuw jaýlaryny gurar" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar