Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna Hüjüm Guraldy

Wakada howpsyzlyk müdüriniň ýogalandygy, 2 gullukçynyň bolsa ýaralanandygy bellenildi.

1938576
Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna Hüjüm Guraldy

Azerbaýjanyň Eýranyň paýtagty Tährandaky ilçihanasyna ýaragly hüjüm guraldy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Baku wagtyna görä 08.30-da Azerbaýjanyň Tährandaky ilçihanasyna ýaragly hüjümiň guralandygy nygtaldy.

Beýannamada, hüjümçiniň kalaşnikow ýaragy bilen od açandygy, wakada howpsyzlyk müdüriniň ýogalandygy, 2 gullukçynyň bolsa ýaralanandygy bellenildi.

Hüjüm bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalandygy ýatladyldy.

 

 



Degişli Habarlar