Türki Döwletleri Guramasynyň Baş sekretary Özbegistanda saparda bolýar

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, Türki Döwletleri Guramasynyň Baş sekretary ilçi Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi

1937717
Türki Döwletleri Guramasynyň Baş sekretary Özbegistanda saparda bolýar

Özbegistanyň Prezident ofisinden berilen beýanata görä, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler maslahatynyň çäginde ýurduň paýtagty Daşkent şäherine sapar guran Türki Döwletleri Guramasynyň Baş sekretary, ilçi Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşdy. 

Duşuşykda Mirziýoýew we Ömüraliýew, Özbegistanyň Türki Döwletleri Guramasynyň Döwürleýin başlyklygyky maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşykda guramanyň özgermeginde täze bir eýýam başladan 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilen sammitiň netijeleriniň möhümdigini aýdan Ömüraliýew, sammitde guramanyň işleriniň has hem özgermegini ýola goýjak möhüm resminamalara gol çekilendigini ýatlatdy. 

Ömüraliýew guramanyň çäginde hyzmatdaşlyk we ýaranlyk mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi üçin Özbegistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýardyklaryny mälim etdi. 



Degişli Habarlar