Gyrgyz Ýaşulylar Geňeşi Daşary Ýurtlardaky Gyrgyzlaryň Ýurda Dolanmagyny Talap Etdi

7 million ilaty bolan Gyrgyzstanyň raýatlarynyň 600 müňden gowragy Russiýada, 30 müňi Gazagystanda we 30 müňi hem Türkiýede ýaşaýar.

1912938
Gyrgyz Ýaşulylar Geňeşi Daşary Ýurtlardaky Gyrgyzlaryň Ýurda Dolanmagyny Talap Etdi

Gyrgyz Ýaşulylar Geňeşi hökümetden, daşary ýurtlardaky gyrgyzlaryň watana dolanmaklarynyň ýola goýulmagyny talap etdi.

Prezident Sadyr Japarow, noýabr aýynyň 25-26-sy aralygynda paýtagt Bişkekde geçirlen I Halk maslahatynyň Ýaşulylar geňeşiniň agzalaryny kabul etdi.

Ýaşulylar geňeşiniň agzalary, I Halk gurultaýynyň geçirilmegine goldaw berendigi üçin Prezident Japarowa sagbolsun aýtdy.

Hökümete 2050-njy ýylda durmuşa geçiriljek işleri öz içine alýan Galkynyş meýilnamasynyň taýarlanmagyny teklip eden Ýaşulylar geňeşiniň agzalary, şol meýilnamanyň çäginde daşary ýurtlarda ýaşaýan gyrgyzlaryň watana dolanmaklarynyň ýola goýulmagyny isledi.

Resmi görkezijilere görä, 7 million ilaty bolan Gyrgyzstanyň raýatlarynyň 600 müňden gowragy Russiýada, 30 müňi Gazagystanda we 30 müňi hem Türkiýede ýaşaýar.

 



Degişli Habarlar