Türkiýe Garabag Ýeňişiniň 1-nji Ýyllygy Mynasybetli Beýannama Çap Etdi

Türkiýe Garabag ýeňişi mynasybetli Azderbaýjanyň şatlygyny we buýsanjyny bölüşýändigini, arkalaşygyň baky dowam etjekdigini habar berdi.

1730796
Türkiýe Garabag Ýeňişiniň 1-nji Ýyllygy Mynasybetli Beýannama Çap Etdi

Daşary işler ministrligi Garabag ýeňişiniň 1-nji ýyllygy mynasybetli ýazmaça beýannama çap etdi.

Beýannamada; “Azerbaýjanyň 44 günlük Watançylyk söweşinde geçen ýylyň 8-nji noýabrynda medeni paýtagt, gadymy Şuşany ermeni basybalyjylaryndan halas edip, gazanan ýeňişini gutlaýarys. Basylyp alynan ýerleri yzyna almak üçin kanuny goranyş hukugyndan peýdalanan Azerbaýjan 9-njy noýabrda gol çekişilen üçtaraplaýyn jarnama bilen söweş meýdanyndaky ýeňişini tassyklap, uza ýyllaryň  dowamynda berjaý edilmedik BMG-nin Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryny öz ygtyýary bilen iş ýüzüne geçirdi” diýilýär.

Garabag ýeňişiniň şol bir wagtda-da parahatçylyk üçin möhüm başlangyç bolup durýandygyna üns çekilýän beýannamada; “Azerbaýjanyň ýeňişi bilen mejbury ýagdaýda ýurtlaryndan jyda düşen 1 million azerbaýjanly doganlarymyz üçin hem dogduk diýarlaryna dolma pursadynyň döremegine hoşallyk bildirýäris. Garabag ýeňişi diňe bir basylyp alynan ýerleri azat etmedi, sebitde garaşylýan durnukly parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň hem ýoluny açdy. Gysga möhletde abatlanýan Garabag we Gündogar Zengezur zolaklarynda Fizuli howa menzili, Ýeňiş ýoly ýaly sebitiň durkuny özgerden taslamalar Azerbaýjanyň oňyn güýjüni alamatlandyrýar. “İki döwlet bir millet” düşünjesi bilen Şuşa beýannamasyna laýyklykda ýaranlyk derejesine göterilen Azerbaýjanyň şatlygyny we buýsanjyny bölüşýäris. Azerbaýjan bilen arkalaşygymyz baky dowam eder” diýilýär.

 

 



Degişli Habarlar