Taryhda 2-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1351132
Taryhda 2-nji fewral

1922-nji ýylyň 2-nji fewraly… 4 ýylyň dowamynda gazetlerden birinde tapgyrlaýyn çap edilen Jeýms Joýsyň dünýä belli “Ulisses” atly eseri awtoryň doglan gününde kitap hökmünde neşir edilýär.

1982-nji ýylyň 2-nji fewraly… Siriýada “Hama gyrgynçylygy” başdan geçirilýär. Agdarlyşyk bilen häkimiýeti ele geçiren Hafyz Asada garşy Hama şäherinde protest başlaýar. Protesti basyp ýatyrmak üçin goşun ugradan Hafyz Asad, şäheriň bombalanmagy üçin buýruk berýär. Halkara günägeçişlik guramasy gyrgynçylykda 10-25 müň aralygynda adamyň öldürilendigi beýan eden bolsa, resmi bolmadyk synçylar şol sanyň 40 müňe ýetendigini kesgitleýär.

1990-njy ýylyň 2-nji fewraly… Günorta Afrikanyň döwlet Ýolbaşçysy De Klerk Afrikanyň Milli Kongresine goýulan 30 ýyllyk gadagançylygy aýyrýar. Nelson Mandela bilen bilelikde syýasy tussaglaryň boşadyljakdygy beýan edilýär.


Etiketkalar: #Afrika , #Nelson Mandela , #taryh

Degişli Habarlar