Taryhda 29-njy ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1349139
Taryhda 29-njy ýanwar

1923-nji ýylyň 29-njy ýanwary… Türkiýede ýaşaýan grekler bilen Gresiýada ýaşaýan türkleriň ýer çalyşmakalaryny üpjün etmek üçin Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda Lozanna Halk çalşygy şertnamasy baglaşylýar. Şertnama 1924-nji ýylyň 6-njy awgustynda güýje girýär we 1 milliona barabar grek Gresiýa, 500 müňe golaý türk bolsa Türkiýä göçmeli bolýar. Türkiýede Stambulda, Gökçeada adasynda we Boja adada ýaşaýan grekler, Gresiýada bolsa Günbatar Frakiýada ýaşaýan türkler çalşykdan boşadyldy.

1988-nji ýylyň 29-njy ýanwary… Gresiýanyň Ýokary kazyýetiniň “Günbatar Frakiýada türk ýok” diýilýän garaýyşyna laýyklykda “Günbatar Frakiýa Türk Mugallymlar Bileleşigi” we “Komotini Türk Ýaşlar Bileleşiginiň” ýapylmagy hakynda karar çykarmagy sebäpli 20 müňden gowrak Günbatar Frakiýa türki protest aksiýasyny geçirýär. Polis tarapyndan berk çäre görülen aksiýada onlarça türk ýaralanýar.

2009-njy ýylyň 29-njy ýanwary… Premýer-ministr R.T.Erdogan Dawos maslahatynda türk diplomatiýa taryhyna “One Minute” ady bilen geçen aksiýasyny amala aşyrýar. Erdogan Palestinanyň halkyna Ysraýylyň edýän basyşyny tankyt edýärkä sözüniň kesilmek islenmegi we maslahata gatnaşan Ysraýylyň Preizdenti Şimon Perese artykmaç söz hakynyň berilmegine reaksiýa görkezýär. Premýer-ministr Erdogan Peresi: “Siz öldürmegi gowy bilýäňiz” diýip tankyt etdi we “Dawus meniň üçin gutardy” diýip, maslahatdan çykýar.


Etiketkalar: #ýanwar , #taryh

Degişli Habarlar