Taryhda 17-nji ýanwar

Taryhyň şu güni

1342138
Taryhda 17-nji ýanwar

1605-nji ýylyň 17-nji ýanwary: İlkinji döwrebap roman hökmünde atlandyrlan “Don Kişotyň” birinji bölümi İspaniýada neşir edilýär. Ýazyjy Serwantes romanyň ikinji bölümini bolsa 10 ýylsoň neşir edip bilýär.

 

1944-nji ýylyň 17-nji ýanwary: II jahan urşunyň iň uzyn we gandöküşikli çaknyşyklaryndan biri bolan “Monte Kassino” söweşi başlaýar. İtaliýada ýerleşýän Monte Kassino manastyrynyň golaýynda bolan çaknyşyklarda nemes goşunlary 5 aýyň dowamynda hyzmatdaş güýçleriniň öňe gitmegini bökdeýär. Söweşde iki tarapdan 75 müňe golaý esger aradan çykýar.

 

1995-nji ýylyň 17-nji ýanwary: Ýaponiýada Kobe şäherinde 7,2 bal ululygynda ýer titremesi bolýar. Ýer titremesinde 6434 adam pida bolýar, 40 müňden gowrak adam ýaralanýar we 200 milliard dollarlyk hem ýitgi çekilýär.


Etiketkalar: #ýanwar , #taryh

Degişli Habarlar