Taryhda 21-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

1327343
Taryhda 21-nji dekabr

1840-njy ýylyň 21-nji dekabry… “Watan ýa-da Silistre” oýuny bilen meşhur bolan türk milletçiliginiň öňbaşçylaryndan şahyr Namyk Kemal Tekirdagda dünýä inýär.

1937-nji ýylyň 21-nji dekabry… İlkinji uzyn, sesli we reňkli multfilm “Ak Pamyk” kino-teatrlarda görkezilmäge başlanýar.

1963-nji ýylyň 21-nji dekabry… Ýaragly rumlar Kiprde türklewre garşy “Ganly noel” hüjümlerine başlaýar. 1-nji ýanwara çenli dowam eden hüjümlerde 364 Kipr türki ýogalýar.

1988-nji ýylyň 21-nji dekabry… London bilen Nýu-Ýorkyň arasynda gatnaýan Amerikan ýolagçy uçary Şotlandiýanyň Lokerbi etrapçasynyň üstünde partlaýar. Wakada ýerdäkiler bilen birlikde 21 ýurtdan 270 adam ýogalýar.

2017-nji ýylyň 21-nji dekabry… Türkiýäniň tagallasy bilen ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň İýerusalim hakyndaky kararyna garşy taýarlanan karar taslamasy BMG-niň Baş Assambleýasynda ABŞ-nyň ähli bökdençliklerine garamazdan 128 ses bilen kabul edilýär. BMG-niň karary bilen Trampyň İýerusalimi Ysrýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararynyň halkara hukugyna bap gelmeýändigi tassyklandy.


Etiketkalar: #Ysraýyl , #hukuk , #halkara , #karar , #taryh

Degişli Habarlar