Taryhda 24-nji noýabr

Taryhyň Şu Güni

1310935
Taryhda 24-nji noýabr

1859-njy ýylyň 24-nji noýabry… İňlis alymy Darwinyň ylym dünýäsi bilen dini edaralaryň arasynda berk diskussiýalara sebäp bolan “Görüşleriň gelip çykyşy” atly kitaby çapdan çykýar. Darwin kitabynda “Ewolýusiýa teoriýasy” tezisini öňe sürýär.

1928-nji ýylyň 24-nji noýabry… Türkiýede “Millet mekdepleriniň” açylmagy hakyndaky kanun çykarylýar. M.K.Atatürkiň “Baş mugallymlygy” kabul eden gün bolan 24-nji noýabr Atatürkiň doglan gününiň 100-njy ýyllygy mynasybetli 1981-nji ýyldan başlap Türkiýede “Mugallymlar güni” hökmünde bellenilip geçilmäge başlanýar.

1934-nji ýylyň 24-nji noýabry… Prezident M.K.Atatürk Mejlisde kabul edilen kanuna laýyklykda “Atatürk” familiýasyna eýe bolýar. Kanun bilen “Atatürk” familiýasynyň diňe M.Kemal tarapyndan ulanylmagyna rugsat berilýär.

1976-njy ýylyň 24-nji noýabry…Wanda we etraplarynda bolan 7,2 bala barabar ýer titremesinde 3,840 adam ýogalýar.

1989-njy ýylyň 24-nji noýabry… PKK terrorçylary Hakkariniň İkiýaka obasynda gyrgynçylyk edýär. esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 28 raýat terrorçylar tarapyndan gyrylýar.

1991-nji ýylyň 24-nji noýabry… Dünýä meşhur Kuinn toparynyň solisti Friddi Merkuri Londonda aradan çykýar.

2015-nji ýylyň 24-nji noýabry… Türk-rus gatnaşyklarynda ýakyn taryhdaky iň uly dartgynlyk ýüze çykýar. Siriýanyň Latakiýe şäherinden uçan rus harby güýçlerine deegişli SU-24 kysymly harby uçar Türkiýäniň howa giňişligini bozandygy üçin Türk F-16 uçarlary tarapyndan urlup düşürilýär.

2017-nji ýylyň 24-nji noýabry… Müsüriň Al Ariş şäherinde metjitlerinden birine bombaly we ýaragly hüjüm guralýar. Hüjümde 305 adam ýogalýar.


Etiketkalar: #ýyl , #taryh

Degişli Habarlar