“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Samsuna Geldi

“Astoria Grande” atly kruiz gämisi Samsundan soň Trabzona gider.

2137542
“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Samsuna Geldi

Russiýanyň Soçi şäherinden ýola çykan “Astoria Grande” atly kruiz gämisi Samsuna geldi.

Soçiden gelen 998 ýolagçysy we 443 ekipažy bolan kruiz gämisi Stambuldan we Amasradan soň Samsun portuna geldi.

Gäminiň rus ýolagçylary şäherdäki taryhy we syýahatçylyk ýerlerine baryp gördi.

“Astoria Grande” atly kruiz gämisi Samsundan soň Trabzona gider.

 

 

 

 


Etiketkalar: #kruiz gämi , #Russiýa , #Samsun

Degişli Habarlar