Kuşadasyna 3 Kruiz Gämisi Geldi

Üç kruiz gämisi bilen Kuşadasyna 6 müň 590 syýahatçy geldi.

2137206
Kuşadasyna 3 Kruiz Gämisi Geldi

Aýdynyň Kuşadasy portuna Maltanyň baýdagyny göterýän Mein Schiff 6, Norwegiýanyň baýdagyny göterýän Wiking Župiter we Italiýanyň baýdagyny göterýän Aida Blue atly kruiz gämileri geldi.

Üç kruiz gämisi bilen Kuşadasyna 6 müň 590 syýahatçy geldi.

Syýahatçylar gadymy Efes şäherine we Bibi Merýemiň öýüne baryp gördi.

Kuşadasyna 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 625 kruiz gämisi bilen 1 milliondan gowrak ýolagçynyň gelmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar