Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Gelim-Gidimli Howa Menzili Bolmagynda Galýar

Stambul howa menzili günde ortaça 1421 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy

2135265
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Gelim-Gidimli Howa Menzili Bolmagynda Galýar

Stambul howa menzili 22-28-nji aprel aralygynda Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy. 

Eurokontrolyň aprel aýynyň 22-28-i aralygyndaky görkezijilerine görä, Stambul howa menzili ady agzalýan döwürde gündelik ortaça 1421 uçar sapary bilen Ýewropanyň in gelim-gidimli howa menzili boldy.

Stambul howa menzilinden soň gündelik 1379 uçar sapary bilen Amsterdam Shiphol howa menzili 2-nji, gündelik 1318 uçar sapary Londonyň Heatrou howa menzili 3-nji, 1258 uçar sapary bilen Frakfurt howa menzili 4-nji we 1216 uçar sapary bilen Pariž Şarl de Goll howa menzili bolsa 5-nji boldy. 


Etiketkalar: #howa menzili , #Stambul

Degişli Habarlar