Türkiyäniň Syýahatçylyk pudagyndan alýan girdejisi artdy
Türkiyäniň Syýahatçylyk pudagyndan alýan girdejisi şu ýylyň ilkinji çärýeginde geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 5,4 göterim artyp, 8 milliard 784 million 800 müň dollara ýetdi
2133766
Türkiyäniň Statistika guramasy Syýahatçylyk pudagynyň ýanwar-mart aýlaryny öz içine alýan statistikasyny beýan etdi.
Türkiyäniň Syýahatçylyk pudagyndan alýan girdejisi şu ýylyň ilkinji çärýeginde geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 5,4 göterim artyp, 8 milliard 784 million 800 müň dollara ýetdi.
Syýahatçylyk pudagyndan alynýan girdejiniň 21 göterimi Türkiyä dynç almaga gelen daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlardan alyndy.
Degişli Habarlar
VI Etnosport Medeniýet festiwaly şu gün Stambulda başlar
Festiwal dürli ýaşdaky myhmanlary özüne çekýän çäreler hödürlär